Sabyr We Çydam Dilemek (#11992)

Eý Allanyň eziz kenizi! Bu pany dünýede ylahy synaglary görüp umydyňy ýitirme. Umytly bol. Jepalarda, belalarda sabyrly bol, kararly bol. Sabyr döremezdi, bela bolmadyk bolsa. Ynjalyk we karar bolmazdy, gorky bolmadyk bolsa. Rahatlyk we asudalyk ýiterdi, jebri-jepa bolmadyk bolsa. Şadyýanlyk bolmazdy, gam-gussa bolmadyk bolsa. Her zat öz tersi bilen aýdyň bolýandyr. Gadamyňy berk goýsaň, sen berk bolarsyň. Çydamly bolsaň, hedaýat çyrasy bolup bilersiň. Hakyň bagşysy bolsaň, Melekut mukamyny eşidersiň. Hoş owazly guş bolsaň, köňülleri göterersiň.

-Bahá'u'lláh
-----------------------

Sabyr We Çydam Dilemek (#11994)

Hu’äl-Äbha.
    Eý Ylahy yşkynyň bossanynyň ter we täze nahallary! Takdyryň agyrdygyndan ýanjamaň, musybatlardan, belalardan aglamaň. Sabyrly boluň, ynjalykly boluň hem-de çydamly, kararly bolmagy öz sypatyňyza öwrüň. Sabyr kamysyndan biçilen köýnek iň gözel köýnekdir, ony durkuňyza geýiň. Çydam we sabyrlylyk dony iň mübärek dondyr, Melekuty göwräňizi şonuň bilen bezäň. Hudaýa şükür! Ol ýaşyl we şat kepderi enaýat pudagyna gowuşdy we ýeke-täklik jennetinde täzelendi. Ylahy Melekutyna girdi we soňsyz barlygyň baýlygyna ýetişdi. Ýagşy soňlamagy başardy. Onda bu ýer gaýgy-gamyň ýa-da agyň ýeri däldir, şadyýanlyk hem begenjiň jaýydyr. 
Wäl-Baha’u-eleýkom ýa Ählil-Baha, minel-ofokul-Äbha. 
(Äbha şapagyndan, Bahailara iň röwşen salam bolsun.)

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

Sabyr We Çydam Dilemek (#11993)

Eý hormatly ene! Eziz çagam aýryldy diýip, tutulma, gamgyn bolma. Çydam dile, sabyr dile, hem boýun al, razylyk dile. Barymyz ol Ýalkaýjynyň ornuna uçjakdyrys we ol Mukaddes gapa öwrüljekdiris. Hiç kim Baky däldir. Hiç kimiň öýi, höwürtgesi bu weýranada galmaz. Bary gumdan dörändir, gumada gömüljekdir. Emma şadyýan ruh başga bir jahana, uly we jelil Melekuta uçjakdyr. 
Wa’leýk’ ul-Baha’ul-Äbha.
(Türkmençesi: Saňa salam bolsun Eý nurlylardan nurana)

Hezreti Abdul-Baha

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

